Mar 02, 2021 19:20 Asia/Ashgabat
  • Azerbaýjan Respublikasynyň ,Eýran bilen ykdysady gatnaşyklaryndan kanagatlanmagy

Azerbaýjan Respublikasynyň döwletiniň resmileri Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklaryň giňelmeginden kanagatlanýarlar.

 

Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli mejlisiniň Senagat we Ykdysadyýet komitetiniň başlygy "Taher Mirkeşli", ýurdunyň, Eýran bilen söwda gatnaşyklarynyň ösýändigini aýtdyp, diňe özi Azerbaýjan Respublikasy Nagorno-Garabag sebitiniň şäherlerini we obalaryny täzeden gurup bilmeýär we Eýran kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygy we kömegi ýaly daşary ýurt maýa goýumlaryna we kömege mätäçdir diýdi .

Azerbaýjan Milli mejlisiniň wekiliniň aýdan sözlerinden öň hem, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti "Ylham Alyýew ,Eýran Yslam Respublikasy, geçen ýyl Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistan arasyndaky konfliktlerden we basyp alnan ýerleriň azat edilmeginden soň Nagorno-Garabag sebitini täzeden gurmagyň ileri tutulýan ugurlarynda durýar diýipdi.

Ylham Alyýew soňky birnäçe aýyň içinde Eýranyň Nagorno-Garabag konfliktindäki pozisiýasyny birnäçe gezek öwdi. Ylham Alyýew, Azerbaýjan respublikasynyň güýçleriniň Agdam şäherinde ýerleşdirilmegi mynasybetli wideo habarynda Eýranyň Nagorno-Garabak konfliktindäki pozisiýasyna minnetdarlygyny bildirip,Eýran, Azerbaýjan Respublikasynyň dosty we doganydyr diýdi.

Şunuň bilen baglylykda Azerbaýjan Respublikasynyň tanymal jurnalisti Mirza Aga Mohammadow,"Azerbaýjan Respublikasynyň düýbünden ýeke we hiç bir ýurduň Bakuwy goldamak islemeýän döwründe, Eýran, Azerbaýjan Respublikasyny syýasy we harby taýdan goldan ýeke-täk ýurtdyr diýip aýtdy."

Azerbaýjan Respublikasynyň azat edilen sebitleriniň üç onýyllyga golaý wagtdan soň gaýtadan bejerilmegi meselesi iki ýurt üçinem möhüm ähmiýete eýedir. Eýranyň taryhynyň we medeniýetiniň möhüm bölegi Garabag sebitiniň ýerlerinde ýerleşýär. Şonuň üçin Eýran häkimiýetleri Azerbaýjan Respublikasy bilen gatnaşyklaryň ähmiýeti meselesini hemişe gozgaýarlar we ileri tutýarlar.

Häzirki ýagdaýda ,Azerbaýjan respublikasy goramaly umumy taryhyň we medeniýetiň kepili we goragçysydyr. Umumy taryhyň we medeniýetiň, esasanam edebi, medeni we taryhy ugurlarda bolmagy, Azerbaýjan Respublikasynyň Eýran üçin ähmiýetini artdyryp biljekdigi äşgärdir.

Bu faktlardan başga-da, Eýran bilen Azerbaýjan respublikasy köp sebäplere görä biri-birine täsir edýär we bu täsirlerden peýdalanyp biler. Azerbaýjan Respublikasy, Eýran bilen gury ýer we suw araçäkleri bolan goňşy hökmünde Eýran bilen özara hyzmatdaşlyga mümkinçilikleri bardi.

Şeýle hem, Eýranyň Azerbaýjan Respublikasyna kömek etmek üçin köp mümkinçilikleri bar. Aslynda, Eýranyň Azerbaýjan Respublikasynda bent gurmak we injinerçilik ösüşi üçin ösen tehnologiýalara eýe bolmagy Ylham Alyýewiň hökümeti üçin möhüm ähmiýete eýedi. Şol sebäpli Ylham Alyýew ýakynda Azerbaýjan Respublikasynyň täze azat edilen ýerleriniň durkuny täzelemäge gatnaşmak meselesinde Eýranyň ileri tutýandygyny aýtdy.

Soňky birnäçe ýylda Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasy möhüm şertnamalar baglaşdylar. Ylalaşyklaryň biri, özara söwdanyň mukdaryny ýylda üç milliard dollara çenli ýokarlandyrmakdyr, bu Eýranyň Azerbaýjan Respublikasynyň durkuny täzelemäge gatnaşmagy we bu ýurduň ykdysadyýetinde has güýçli bolmagy bilen ýerine ýetirilmelidir.

Umuman, Bakuwyň ýolbaşçylary tarapyndan Tähranyň pozisiýalaryna ýokary baha bermek we Azerbaýjan Respublikasynyň Eýrany, Azerbaýjan Respublikasynyň täze azat edilen ýerleriniň durkuny täzelemek işine çekmek baradaky tagallalary ,Azerbaýjan bilen özara gatnaşyklaryň möhümdigini görkezýär.

 

Tags