Mar 02, 2021 23:04 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: ýadro ylalaşygy barada gaýtadan gepleşik geçirip bolmaz we ony saklamagyň we dikeltmegiň ýeke-täk usuly ABŞ-nyň sanksiýalaryny ýatyrmakdyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti ýadro şertnamasyny belli taraplar bilen köptaraplaýyn halkara ylalaşygy hökmünde hasaplamak bilen we Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji karary bilen tassyklanandygyna yşarat edip ýadro ylalaşygy barada asla gürleşip bolmaýar we ony saklamagyň we dikeltmegiň ýeke-täk usuly ABŞ tarapyndan sanksiýalaryň ýatyrylmagydyr diýdi.

Hassan Ruhani sişenbe güni Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron bilen geçirilen söhbetdeşlikde ýadro ylalaşygy saklamak we dikeltmek üçin mümkinçilikleriň ýitirilmeginiň ýagdaýy kynlaşdyryp biljekdigini aýtmak bilen Eýranyň borçnamalarynyň kem-kemden azalmagy ABŞ-nyň ýadro şertnamasyndan çykmagy we üç Ýewropa ýurdunyň ýadro ylalaşygyň borçlaryny ýerine ýetirip bilmezligi bilen baglanyşyklydy bu bolsa beýleki taraplaryň borçlaryny ýerine ýetireninden soň derrew yzyna gaýtarylyp bilner diýip beýan etdi.

Ruhani, Mejlis tarapyndan tassyklanan kanunyň çäginde Eýran tarapyndan goşmaça protokolyň meýletin ýerine ýetirilmeginiň ýatyrylmagyna ünsi çekmek bilen Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen hyzmatdaşlygymyz dowam edýär we biz hiç haçan ýadro şertnamasyndan çykmadyk diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle-de Dolandyryjylar geňeşindäki islendik gurnaýjy bolmadyk hereket ýa-da pozisiýa täze kynçylyklara sebäp bolup biler we häzirki ýagdaýy çylşyrymlaşdyryp biler diýip nygtady.

Ruhani Fransiýany halkara derejesinde möhüm ýurt hasaplamak bilen "Tähran-Paris gatnaşyklary durnukly gözýetim esasynda we ikitaraplaýyn, sebitleýin we global hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin maksatlary bilen ösdürilip bilner diýdi.

Bu telefon söhbetdeşliginde Fransiýanyň prezidenti ýadro şertnamasynyň goralmagyny halkara jemgyýetçiligi üçin zerurlyk diýip atlandyrdy we ýadro şertnamasynyň borçnamalarynyň doly ýerine ýetirilmegi üçin ähli taraplaryň yzyna gaýdyp gelmegi üçin gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Emmanuel Makron iki tarapyň ilkinji ädimleri üçin edýän hereketine ünsi çekip şeýle diýdi: Ýewropa ýakyn hepdelerde ýadro şertnamasyny janlandyrmak üçin has işjeň bolmaga taýyndyr.