Mar 04, 2021 16:30 Asia/Ashgabat
  • Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary şu wagta çenli ýurtda 1,665,103 adamyň korona wirusy bilen hassalandygyny aýdyp soňky 24 sagadyň içinde korona keseli bilen kesellän 78 näsagyň ölmegi bilen ýurtda korona ölüminiň sany 60,431-e ýetdi diýdi.

Sima Sadat Lari ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasy barada beren gürrüňlerinde geçen 24 sagatyň dowamynda kesgitleýji ölçeglere görä, kovid-19 keseliniň 8 müň 404 adamy hassaladandygyny aýtmak bilen şolardan 709 adamyň keselhanada ýerleşdirlendigini habar berdi.bu hasap bilen ýurtda kovid 19 hassasynyň umumy sany 1,665,103-e ýetdi diýip yglan etdi.

Ol sözüniň dowamynda soňky 24 sagadyň dowamynda 78 sany kovid-19 hassa adamyň ölendigini we bu keselden ölenleriň jemi sanynyň 60,431-e ýetendigini aýtdy.

Larri şeýle-de Şu wagta çenli 1,420 958 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan boşadyldy -diýdi.