Mar 04, 2021 17:28 Asia/Ashgabat
  • Hatibzadeh: Halkara Atom Energiýasy Guramasynda Eýrana garşy Karar taslamasy ret edildi

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Halkara Atom Energiýasy Guramasynda Eýrana garşy rezolýusiýanyň taslamasynyň ret edilendigini habar berdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh penşenbe güni beren gürrüňlerinde Tähranda, Wenada we Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Dolandyryjylar Geňeşiniň ähli agzalarynyň Paýtagtlarynda, esasanam üç Ýewropa ýurtlarynyň, şeýle hem Hytaý we Russiýanyň paýtagtlarynda güýçli diplomatik tagallalar bilen karar taslamasy ret edildi diýdi.

Said Hatibzadeh Halkara Atom Energiýasy Guramasyndaky şu günki özgerişleri düşündirip, sözüniň dowamynda şeýle diýdi: Şu günki özgerişlik, Eýran we IAEA tarapyndan açylan diplomatiýa ýoluny saklap biler we ýadro şertnamasyna agza taraplaryň ähli borçnamalarynyň doly ýerine ýetirilmegine ýol açyp biler.

Hatibzadeh şeýle-de Eýran ýadro şertnamasyna gatnaşýan taraplaryň bu pursatdan peýdalanyp, bu ylalaşygyň doly durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin çynlakaý hyzmatdaşlyk edip biljekdigine umyt bildirýär diýdi.

Fransiýanyň Daşary işler ministri Žan-Iwes Le Drian, Angliýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň Eýranyň Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň azalmagyny tankytlaýan kararyň ýakyn günlerde Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Dolandyryjylar geňeşinde ses beriljekdigini toslapdy.

Eýran Yslam Respublikasy, Ýewropa trikasynyň nädogry hereketlerine we bidüzgünçiliklerine jogap edip, özüne garşy şeýle kararyň kabul edilmegini "konstruktiw däl" diýip hasaplady.