Mar 04, 2021 19:25 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Amerika ähli sanksiýalary ýatyryp we amaly çäreleri görüp ýadro şertnamasyna gaýdyp gelmelidir

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Amerikanyň ähli sanksiýalary ýatyrmak we amaly çäreleri görmek bilen ýadro şertnamasyna gaýdyp gelmelidigini aýtmak bilen sebäbi bu teklip şertnamany bozan hökümetiň borjydyr diýdi.

Hasan Ruhani penşenbe güni Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) ,10 agza döwletiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda "koronadan soňky döwürde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk" şygary bilen geçirilen 14-nji sammitinde, Halkara jemgyýetçiligi, soňky dört ýylda ABŞ hökümetiniň bikanun çemeleşmesine we Eýran Yslam Respublikasyna garşy giň gerimli ykdysady söweşine şaýat boldy diýdi.

Prezident Ruhani şeýle-de Amerikanyň Eýranyň beýik halkyny dyza çökertmek üçin birtaraplaýyn bikanun tagallalarynyň başa barmandygyny aýtmak bilen ykdysady basyşlara garamazdan, bu beýik halk öz islegine we içerki güýjüne daýanmak bilen ajaýyp üstünliklere we uly üstünliklere, şol sanda kowid-19 keseline garşy durmakda gowy  netijelere ýetdi diýip beýan etdi.

Ruhani, munuň aýdyň mysalynyň eýranly alymlaryň bilimlerinden we tejribelerinden peýdalanyp, korona sanjymyny öndermek synanyşygydygyny aýtmak bilen bu nukdaýnazardan beýleki ýurtlar, esasanam EKO agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga taýýardyrys we EKO sebitiniň Koronadan soňky dünýä bilen nähili çemeleşmegi we hyzmatdaşlygy barada taýýardyrys diýdi.