Mar 05, 2021 22:22 Asia/Ashgabat
  • Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysy: Daşky gurşaw işleri dini we rewolýusiýa işleridir

Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy daşky gurşaw çäreleriniň dini we ynkylap işidigini, we oňa bezeg hökmünde garalmaly däldigini aýtdylar.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysynyň edarasynyň maglumat gullugynyň habaryna görä, Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi, agaç oturtmak güni we tebigy baýlyklar hepdeligi mynasybetli anna güni iki sany miweli nahal oturdan mahaly eden çykyşynd Ösümlikler we ýaşyl ýerler adamzat siwilizasiýasynyň durmuşynda we gurluşygynda möhüm faktordyr diýip beýan etdiler.

Aýatolla Hameneýi, daşky gurşawa üns bermekligiň ylmy we dini köklerine salgylanyp Agaç ekmek we nahal oturtmak Yslamyň mukaddes şerigatynda nygtalýan fazyletlerden biridir diýdiler.