Mar 06, 2021 10:07 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Yrakdaky maliýe çeşmeleriniň bir bölegi açyldy

Eýran-Yrak Bilelikdäki Söwda palatasynyň wise-prezidenti we baş sekretary, Eýranyň maliýe çeşmeleriniň bir böleginiň Yrakda açylandygyny habar berdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýran-Yrak Bilelikdäki Söwda palatasynyň wise-prezidenti we baş sekretary "Seýid Hamid Hosseýni" juma güni eden çykyşynda Yragyň Daşary işler ministriniň Eýrana eden soňky saparyndan soň, Eýranyň baýlyklarynyň boşadylmagy baradaky çekişme tamamlandy we Yrak resmileri bu çeşmeleriň käbiriniň dürli banklar arkaly boşadylandygyny habar berdiler diýdi.

Tags