Mar 07, 2021 23:51 Asia/Ashgabat
  • Zarif ABŞ-nyň sanksiýalarynyň doly we netijeli ýatyrmagynyň zerurdygyny nygtady

Eýranyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň bikanun sanksiýalaryny doly we netijeli ýatyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif ýekşenbe güni Irlandiýanyň Daşary işler ministri Simon Kawoni bilen geçiren duşuşygynda Eýran Yslam Respublikasynyň ABŞ-nyň bikanun sanksiýalaryny dolulygyna we netijeli ýatyrmagyň zerurdygy, soňra bolsa Eýranyň öwezini dolmak ädimleriniň yzyna gaýtarylmagyna alyp barjak ädim hökmünde nygtady.

Irlandiýanyň Daşary işler ministri Simon Kawoni hem Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzasy we UNSCR 2231 fasilitatory, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň agzasy hökmünde bu prosesi ýeňilleşdirmäge Irlandiýanyň taýynlygyny yglan etdi.

Zarif we Kawouni ikitaraplaýyn syýasy we ykdysady gatnaşyklary we Pars aýlagynda, Yemende, Yrakda, Siriýada, Liwanda, Palestinde, Owganystanda we Kawkazda sebitdäki dartgynlygy  azaltmak üçin bilelikde işlemegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Tags