Mar 08, 2021 16:19 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Geljek ýyl koronany ýeňip, syýahatçylyk pudagyny täzeden dikeltjek ýyl bolar

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Hyzmatdaşlyk, Zähmet we Durmuş üpjünçiligi we medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministrlikleri bilen baglanyşykly 15,000 milliarddan gowrak tomanyň taslamasynyň açylmagyny ýurduň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin ädim diýip atlandyrmak bilen 1400-nji ýylyň Eýran halkynyň korona garşy söweşde we duşmanlaryň ykdysady söweşinde uly üstünlik gazanjak ýyly boljakdygyna umyt bildirdi.

Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, "Hasan Ruhani" duşenbe güni önümçilik badalgasynyň elli bäşinji açylyş maksatnamasynda we Hyzmatdaşlyk, Zähmet we Durmuş üpjünçiligi ministrlikleriniň we medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministrlikleriniň milli meýilnamalaryndan peýdalanmak dabarasynda Ýazdda Se Chahoon pelletizasiýa zawodynyň açylyşyna yşarat edip, döwletiň iň möhüm çärelerinden biri polat zynjyryny ösdürmekdi bu zynjyr soňky sekiz ýylda iki esse artdy, şonuň üçin bu döwürde edilen çäreleri ýurduň tutuş taryhy bilen deňeşdirip bolar diýdi.

Prezident Ruhani sözüniň dowamynda Polat zynjyryny tamamlamak çig malyň satylmagynyň öňüni aldy we Esasanam soňky ýyllarda gowy walýuta hümmeti elgermäge sebäp boldy diýdi.

Ruhani şeýle-de 1400-nji ýyl, Hudaýyň bu millete rehimdarlygyny iberýän ýyllarynyň biri bolar we adamlary biynjalyk eden dürli perdeleri bir gapdala goýup bileris diýmek bilen netijede adamlar Korona garşy-da hem-de ykdysady söweşde-de uly üstünlik gazanarlar diýip beýan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti medeni miras pudagyndaky açylyş dabarasyna yşarat edip, Medeni miras örän möhümdir we resminama hökümindedir mysal üçin, Yspyhanadaky Naghsh Jahan meýdany ýaly taryhy ýadygärlik onlarça jilt kitap ýaly täsirli bolup biler diýip sözlerine goşdy.