Mar 08, 2021 16:33 Asia/Ashgabat
  • Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary ýurtda koronawirusdan 99 adamyň ölendigini habar berdi.

Sima Sadat Lari ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasy barada beren gürrüňlerinde geçen 24 sagatyň dowamynda kesgitleýji ölçeglere görä, kovid-19 keseliniň 8 müň 313 adamy hassaladandygyny aýtmak bilen şolardan 725 adamyň keselhanalarda ýerleşdirlendigini habar berdi.bu hasap bilen ýurtda kovid-19 hassasynyň umumy sany 1,698,005-e ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün beren gürrüňlerinde soňky 24 sagadyň dowamynda korona wirusyndan 99 adamyň ölendigini aýtmak bilen Eýranda bu keselden ölenleriň umumy sanynyň 60,786 adama ýetendigini aýtdy.

Ol şeýle-de Eýranda şu wagta çenli 1,449,350 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip yglan etdi.