Mar 08, 2021 18:55 Asia/Ashgabat
  • Sardar Salami: çydam ýolunyň hiç bir nokady gowşatmaly däl

Yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaranynyň baş serkerdesi çydam, hiç bir nokady gowşatmaly däl bir ýoldyr diýdi.

IRNA-nyň habaryna görä, general-maýor Huseýin Salami duşenbe güni Sanandajda 10-njy garşylyk we jihad goragy we çydam edebiýatynda eden çykyşynda Eýran halky bu ugurda ýalňyşlyk goýbermeýär sebäbi Möminlere hoşniýetli bolan rewolýusiýanyň ýokary lideriniň ýolbaşçylygyna gözleri bardyr diýdi.

Salami şeýle-de Yslam pygamberiniň adamzadyň Tagutyň gulçulykdan azatlyk ýoluna çykmagyna sebäp bolandygyny aýtmak bilen Erkinlik, adalat, ruhyýet, mertebe, ahlak we yslamyň arassalygy ähli adamlaryň kalbyna hoşboý ys berdi diýip nygtady.

Sardar Salami şeýle-de taryhyň, Eýran halkynyň dört onýyllykdaky adatdan daşary we gaýtalanyp bolmajak garşylygyna baha berjekdigine ünsi çekip, bir milletiň gury ýerden, howadan we deňizden hüjüm astyna alynan mahaly ynkylabyň arkasynda durandyklaryna yşarat edip,olary agzybirligiň we garşylygyň imanynyň şöhratynyň aýdyň sahypalaryny görkezdiler diýdi.

Sardar Salami sözüniň dowamynda Kynçylyklar başdan geçirildi we Eýran halky jihad we şehitlik ýolundan geçdi we bu bagtyň syrydyr diýdi.