Mar 08, 2021 21:47 Asia/Ashgabat

Eýranyň Medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministri Ali Asghar Monsanyň, şeýle hem Gazagystanyň Tehrandaky ilçisiniň gatnaşmagynda Eýran-Gazagystan medeni gijesi dabarasy Eýranyň Gülüstan welaýatynyň merkezi Gürgen şäherinde geçirildi.

Iran Press habar gullugynyň habaryna görä, ýekşenbe güni agşam Gürgeniň Fakhreddin Asad Gorgani zalynda Eýran we Gazak  aýdym-saz toparlary çykyş etdiler.

Eýranyň Medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministri Ali Asghar Monsan bu dabarada eden çykyşynda medeni ýygnaklar milletleriň birek-biregi gowrak tanamaklaryna hemde gatnaşyklardyr dostluklaryň durnuklaşmagyna we ösmegine şert döretýändir diýdi.

sebitleýin gatnaşyklary ösdürmek Eýranyň ileri tutýan ugurlaryndandyr we şu hili dabaralar bu maksada ýetmäge ýardam berip biler diýip Eýranyň Medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministri Ali Asghar Monsan sözüne goşdy.