Mar 08, 2021 22:57 Asia/Ashgabat
  • Garibabadi: Eýranyň neşe serişdelerine garşy göreşi hakykydyr

Wenada ýerleşýän Eýranyň ilçisi we halkara guramalarynyň hemişelik wekili Yslam respublikasynyň neşe serişdelerine garşy göreşiniň ýokary ahlak we adamzat gymmatlyklaryna esaslanýan hakyky söweşdigini aýtdy.

Duşenbe güni IRNA-nyň habaryna görä, Kazem Gharibabadi bu meseläni Eýran Yslam Respublikasynyň Halkara çäreler we üstünlikleri barada Wenadaky Neşe serişdelerine garşy baş edarasy tarapyndan geçirilen neşe serişdelerine garşy göreş meselesinde ara atdy.

Garibabadi, Eýran Yslam Respublikasynyň iň uly neşe serişdelerini öndüriji ýurt bilen  ýakynlygy sebäpli beýleki ýurtlara görä bu global neşe problemasyndan has köp täsir alandyr şol sebäpli bu ugurda sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň zerurdygyny bilýär we nygtaýar diýdi.

Garibabadi şeýle hem, Eýran Yslam Respublikasynyň soňky dört onýyllykda halkara neşe gaçakçylygyna garşy göreşde alyp barýan işleriniň giň we üznüksiz görnüşleriniň Neşe serişdelerine we jenaýatçylyga garşy göreş gullugy we Halkara neşe serişdelerine gözegçilik geňeşi tarapyndan ykrar edilendigini aýtdy.

Wenada ýerleşýän Eýranyň ilçisi we halkara guramalarynyň hemişelik wekili şeýle-de Eýran Yslam Respublikasy geçen ýyllarda 3800-den gowrak şehit we müňlerçe ýaralanan we harby we polisiýa güýçlerini gurban we ep-esli derejede tirýek we şoňa meňzeş neşe serişdelerini tutmak üçin köp çykdajy etdi diýmek bilen ýeke-täk dünýädäki ýurtlaryň sanyndan köp bolan neşe serişdeleriniň dünýä neşe bazarlaryna girmeginiň öňüni aldy diýip sözlerine goşdy.