Apr 03, 2021 15:43 Asia/Ashgabat
  • Zulnouri: Eýran bilen Orsýet bilelikdäki strategiki şertnamanyň yzyndadyrlar

Eýran parlamentiniň Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat Komissiýasynyň başlygy Eýran Yslam Respublikasy bilen Orsýet bilelikdäki strategiki şertnamanyň yzyndadyrlar diýip habar berdi.

Eýran parlamentiniň Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat Komissiýasynyň başlygy "Mojtaba Zulnouri", Eýran bilen Orsýetiň bilelikdäki strategiki şertnamanyň yzyndadyklaryny aýtmak bilen Eýran bilen Hytaýyň arasynda 25 ýyllyk strategiki resminamanyň tejribesi Orsýet bilen hem gaýtalanjakdygyny aýtdy.

Zulnouri, Eýran Yslam Respublikasy bilen Orsýetiň uzak möhletleýin bilelikdäki ylalaşyga gelmäge taýýardygyny aýtmak bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Orsýet bilen uzak möhletleýin strategiki resminamasynyň ylalaşyk meselesi geçen ýyl Eýranyň parlament başlygynyň we ýanyndaky wekiliýetiň Orsýete eden sapary wagtynda gozgaldy we Rus tarapy tarapyndan garşylandy.

Eýran parlamentiniň Milli Howpsuzlyk we Daşary Syýasat Komissiýasynyň başlygy şeýle-de Eýran Yslam Respublikasy bilen Orsýetiň arasyndaky strategiki şertnama bilen baglanyşykly geňeşmeler häzirki wagtda degişli edaralaryň üsti bilen alnyp barylýar diýip beýan etdi.

Zulnouri şeýle-de, Eýranyň parlamenti, Eýran Yslam Respublikasynyň Orsýet bilen strategiki resminamasyny taýýarlamakda hökümete doly goldaw berjekdigini aýtdy.

Tags