Apr 09, 2021 15:00 Asia/Ashgabat
  • Aragçi: Eýranyň ýadro işleri, sanksiýalar doly ýatyrylýança durmaz

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary, ABŞ-nyň ähli sanksiýalaryny ýatyryp, ýadro şertnamasyna gaýdyp gelýänçä, Eýranyň ýadro işleriniň hiç biriniň, esasanam baýlaşdyryş pudagynda saklanjak däldigini ýa-da azaldylmajakdygyny aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Seýed Abbas Aragçi 20% baýlaşdyrmagyň çalt depginde ösýändigini aýtmak bilen şeýle diýdi: Bu etap Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ähli sanksiýalary ýatyrýan ylalaşyk gazanylýança dowam eder; ençeme gezek aýdylyşy ýaly, bir ädimde ähli sanksiýalar ýatyrylmaly.

Ol şeýle-de, Eýranyň Ýewropalylar, Orsýet we Hytaý bilen gepleşiklerini dowam etdirýändigini aýtmak bilen, indi käwagt bu gepleşikleriň Ýewropa bilen bolýandygy we ýewropalylaryň ABŞ bilen gürleşýändigi barada aýdylýan sözler dogry däldir diýdi.

Aragçi sözüniň dowamynda  Eýranyň gepleşik geçiriji topary ýadro ylalaşygyň häzirki agza döwletleriniň topary, ýagny üç Ýewropa ýurdy, Orsýet we Hytaý we ýadro ylalaşygyň utgaşdyryjysy bolan Ýewropa Bileleşigi bilen gepleşik geçirýär we olar öz bilýän ýollary bilen Amerikalylar bilen gepleşikleri geçirip netijeleri ýetirýändirler diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary şeýle-de Amerikalylaryň öz pozisiýalaryny barlaýandyklaryny we doly sanksiýalary ýatyrmaga tarap barýandyklaryny görkezýän alamatlar bardyr diýip beýan etdi.

Tags