Apr 09, 2021 15:38 Asia/Ashgabat
  • Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary: Soňky 24 sagadyň dowamynda korona keselli 155 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriniň sany 64,39-a ýetdi diýdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary Sima Sadat Lari sözüniň dowamynda şu gün günortana çenli soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda anyk diagnostika ölçegleri esasynda kowid-19 keseli bolan 22 478 täze hassa tapyldy diýmek bilen şolaryň iki müň 567-siniň keselhanalarda ýatyrlandygyny aýtdy.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de ýurtda kowid-19 näsaglarynyň umumy sany 2,29.412-e ýetdi diýip yglan etdi.

Lari sözüniň dowamynda şu wagta çenli 1,693.005 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip beýan etdi.

Resmi maglumatlara görä, koronawirus dünýäde 134 milliondan gowrak adama ýokaşdy we bu keselden 2,917 milliondan gowrak adam öldi.

Tags