Apr 09, 2021 17:49 Asia/Ashgabat
  • Zarif: Trumpyň sanksiýalarynyň hemmesi ýadro ylalaşygyna garşy we ýatyrylmalydyr

Eýranyň daşary işler ministri Amerikanyň Eýrana garşy girizen ähli sanksiýalaryny ýatyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif anna güni twitter sahypasynda, Trumpyň sanksiýalarynyň hemmesi ýadro ylalaşygyna garşy we ýatyrylmalydyr diýip ýazdy.

Zarif sözüniň dowamynda "Eýran ýadro ylalaşygyna doly boýun bolmak üçin akla laýyk ýol hödürleýär: Bu krizisi döreden Amerikanyň Birleşen Ştatlary ilki bilen doly ygrarly bolmaly, Eýran sanksiýalaryň ýatyrylmagynyň tassyklanylmagy barada çalt synagdan soň garşylykly Jogap berer diýdi."

Eýranyň Daşary işler ministri şeýle-de Trump-nyň ýadro ylalaşyga garşy alyp baran ähli sanksiýalary, esassyz tapawutlara we atlara garamazdan ýatyrylmalydygyny aýtdy.

Wenada gaýtadan başlanan Bilelikdäki komissiýanyň ikinji mejlisi şu gün (anna) geçirildi.

"Sanksiýalary ýatyrmak" we "ýadro" bilermen toparlarynyň ýygnaklarynda geçirilen tehniki geňeşmeleriň hasabatyny hödürlemek şu günki ýygnagyň iň möhüm gün tertibi boldy.

Şu günki ýygnakda bilermenler ýygnaklarynyň utgaşdyryjysy hökmünde Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri, Eýranyň we 4 + 1 ýurtlarynyň bilermenleriniň geňeşmeleriniň netijeleri Bilelikdäki komissiýanyň agzalaryna habar berildi.

Eýran Daşary işler ministriniň orunbasary we Eýran delegasiýasynyň başlygy "Seýed Abbas Aragçi" Eýran Yslam Respublikasynyň çynlakaý gatnaşyklary dowam etdirmek islegine yşarat edip, bu iş beýleki tarapdaky syýasy erk we çynlakaýlyga bagly, ýogsam gepleşikleri dowam etdirmäge hiç hili sebäp ýokdyr diýdi.

Tags