Apr 10, 2021 13:37 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Koronanyň dördünji tolkunynyň iň möhüm faktory, Iňlis wirusynyň Huzestan serhedinden gelmegi

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, ýurduň içindäki Korona pandemiýasynyň dördünji tolkunyň ilkinji sebäbiniň Iňlis wirusynyň Yrak serhedinden Huzestana gelmeginiň we ýurduň içinde ýaýramagynyň bolandygyny aýtdy.

Iran Press habar gullugynyň habaryna görä, Hasan Ruhani Milli Korona ştab-kwartirasynyň şu günki (şenbe) ýygnagynda ýurduň içinde Koronanyň dördünji tolkunynyň sebäplerini sanap geçdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, ýurtda bu ýokanç keseliň üç tolkunyny başdan geçirimizden soň, esfand aýynda ähli tagallalarym dördünji tolkunyň öňüne almak ugurdady emma Gynansagam, ähli tagallalara garamazdan, şu gün ýurtda Koronanyň dördünji tolkunyna girdik we bu ýagdaýy döretmekde iň möhüm faktor Iňlis wirusynyň Yrakdan Huzestan we Ilam serhetlerinden geçmegi boldy diýdi.