Apr 15, 2021 15:21 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Ýewropa bilen Amerikanyň 60% baýlaşdyrylmagyna alada bildirmegi dogry däldir

Eýranyň prezidenti, Amerika we Ýewropanyň 60% baýlaşdyrmak baradaky aladalarynyň dogry däldigini aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani penşenbe güni dört sany milli nebithimiýa taslamasynyň işine bagyşlanan 63-nji açylyş programmasynda beren gürrüňlerinde biz mundan öň hem 60% baýlaşdyryp bilýärdik, şoňa görä Amerika we Ýewropanyň 60% baýlaşdyrylmagyna alada bildirmekleri dogry däldir diýdi.

Ruhani şeýle-de Amerikanyň Birleşen Ştatlary we ýadro ylalaşygyň içindäki beýleki ýurtlar üçin ýeke-täk ýol BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyna we ýadro ylalaşygyň şertnamasyna doly dolanmaklarydyr diýip beýan etdi.

Eýranyň prezidenti sözüniň dowamynda egerde olar şeýle etseler, Eýran uzaga çekmeýän barlaglardan we tassyklamalardan soň derrew ähli borçnamalaryna gaýdyp geler diýdi.

Eýranyň prezidenti, döwletiň soňky ýüz gününde on ikinji döwletiň käbir möhüm meýilnamalaryny beýan edip: döwletiň möhüm maksatnamalarynyň biri halkyň saglygy we korona garşy göreşdir diýdi.