Apr 15, 2021 15:30 Asia/Ashgabat
  • Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary: Soňky 24 sagadyň dowamynda korona keseli bolan 321 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriň sany 65,680 adama ýetdi diýdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari"şu gün ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasyny yglan etmek bilen geçen 24 sagatyň boýunda anyk anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kovid-19 bilen kesellän 25 78 täze hassa tapyldy, şolardan 3 373-si keselhanalarda ýerleşdirildi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary şeýle-de kovid-19 hassasynyň ýurtdaky umumy sany 2 million 168 müň 872 adama ýetdi diýip beýan etdi.

Lari şeýle-de şu wagta çenli 1,749,41 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip sözüne goşdy.