Apr 16, 2021 19:03 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň we Ýewropa Troikasynyň wekilleri Wenada duşuşdylar

Eýran delegasiýasynyň we Ýewropa Troikasynyň wekilleriniň duşuşygy we geňeşmeleri Awstriýanyň paýtagty Wenada dowam etdi.

Wenadaky Eýran delegasiýasy bilen 4 + 1 toparynyň arasyndaky geňeşmelerden soň, Ýewropanyň üç wekiliýetiniň (Germaniýa, Angliýa we Fransiýa) baştutanlary şu gün Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary we Eýranyň gepleşik geçiriji toparynyň başlygy Abbas Aragçi bilen bilelikde duşuşdy. 

Ýewropanyň daşarky hereket gullugynyň baş sekretarynyň orunbasary Enrike Mora bilen Aragçiniň arasynda hem bir duşuşyk geçirildi.

Şu gün Aragçi bilen rus we hytaý wekiliýetleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda hem aýratyn duşuşyklar meýilleşdirilýär.