Apr 17, 2021 16:36 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Döwlet içerki sanjymy netijä ýetirmek üçin elinden gelenini eder

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, içerki sanjymyň täsirli bolmagy üçin döwletiň elinden gelenini edýändigini aýtdy.

Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti "Hasan Ruhani" şu gün, şenbe güni Korona garşy Milli ştabyň ýygnagynda beren gürrüňlerinde döwletiň öz aýagnyň üstünde durmagy möhümdir we tomusda içerki sanjymy ulanyp biljekdigimize umyt bildirýäris diýdi.

Eýranyň prezidenti, häzirki zamanda öňki wirusa garanyňda 70% ýokançlygy ýokary bolan täze wirus bilen ýüzbe-ýüz bolýandygymyzy aýtmak bilen geljek hepde-de korona keseliň bu täze we kyn tolkunynyň öňüni almak üçin protokollaryň berjaý edilişini 90% -den ýokarlandyrmak üçin hemmämiz bilelikde işlemelidiris diýip beýan etdi.

Ruhani sanjymyň bizi 2 ýyl, hatda 1 ýyl hen aman saklap bilmeýändigine yşarat edip şonuň üçin ýakyn ýyllarda hem köpçülikleýin sanjym almak hakda pikirlenmelidiris diýdi.

Eýranyň prezidenti, häzirki wagtd korona sanjymynyň taýýarlamagyň zerurdygyny aýtmak bilen Satyn alnan sanjym Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi tarapyndan tassyklanmalydyr diýip nygtady.

Ruhani şeýle-de, ýakyn 2 aýda daşary ýurtlardan mümkin boldugyça köp sanjymyň üpjün edilmelidigini aýtmak bilen, şu hepdäniň ahyryna çenli bolsa 1 million 400 müň-e golaý sanjymyň ediljekdigini aýtdy.