Apr 17, 2021 16:54 Asia/Ashgabat
  • Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi soňky 24 sagadyň dowamynda korona keseli bolan 319 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriň sany 66,327 adama ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şu gün bir bildiriş boýunça ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasyny yglan etmek bilen geçen 24 sagatyň boýunda anyk anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kovid-19 bilen kesellän 21 müň 312 täze hassa tapyldy, şolardan 2 176-si keselhanalarda ýerleşdirildi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi bu bildirişde şeýle-de kovid-19 hassasynyň ýurtdaky umumy sany 2 million 215 müň 445 adama ýetdi diýip habar berdi.

Bu ministrlik şeýle-de şu wagta çenli 1,772,688 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip sözüne goşdy.

Resmi maglumatlara görä, koronawirus dünýäde 140 milliondan gowrak adama ýokaşdy we bu keselden 3 milliondan gowrak adam öldi.

Tags