Apr 17, 2021 18:09 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Owganystanyň daşary işler ministrleri bu ýurduň parahatçylyk prosesi barada maslahatlaşdylar

Eýranyň we Owganystanyň Daşary işler ministrleri Owganystandaky parahatçylyk etaby we Tähran-Kabul ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

"Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif" anna güni agşam Owganystanyň Daşary işler ministri Muhammet Hanif Atmar bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Owganystanyň soňky 2 onýyllykdaky demokratik üstünlikleriniň goralmalydygyny nygtap onuň dowamly parahatçylyk bilen baglanyşygyny aýtmak bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Owganystandaky parahatçylyk prosesini goldaýandygyny aýtdy.

Owganystanyň Daşary işler ministri hem bu söhbetdeşlikde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň giňelmegine kanagatlanma bildirmek bilen Eýranyň owgan parahatçylyk etabynda täsirli roluna ýokary baha berdi.

Şeýle hem iki tarap, iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk barada giňişleýin resminamanyň jemlenmegini we gol çekilmegini çaltlaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdylar.

Eýran Yslam Respublikasy Owganystandaky esasy kanun we respublikançylyk ýörelgesini elmydama goldaýar we döwlet bilen döwlet gatnaşyklaryny Owganystan bilen alyp barýan syýasatynda ileri tutýar.

Tags