Apr 29, 2021 01:09 Asia/Ashgabat
  • Wena gepleşikleri; Kynçylyklar bilen birlikde ösüşler

Eýran Yslam Respublikasy; Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýadro ylalaşykdan ýa-da şol Bärjamdan çykmagyna we we bu şertnama degişli Ýewropalylaryň borçlarynyň ýerine ýetirilmezligine jogap hökmünde "Sanksiýalary ýatyrmak we Eýran halkynyň bähbitlerini goramak üçin strategiki çäre kanunyny durmuşa geçirmek ,bu ugurda öwezini dolmak çäreleri gördi.

 

Şol bir wagtyň özünde, Eýranyň maksady Bärjamy ygtybarly resminama hökmünde saklamakdyr. Şol çemeleşme bilen Bärjamyň Bilelikdäki komissiýasynyň Eýranyň we 4 + 1  toparyň syýasy wekilleriniň derejesindäki ýygnagy  Wenada  geçirilýär.

Wena gepleşikleriniň gün tertibi aýdyňdyr. ABŞ-nyň sanksiýalary doly ýatyrylmaly we tassyklanmaly we bu etapdan soň Eýran ar alyş çärelerini togtatmaga we borçnamalaryna dolanmaga taýyndyr.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary "Seýid Abbas Arakçi" sişenbe güni agşam Wenada Bilelikdäki komissiýanyň ýygnagy gutarandan soň metbugat teleýaýlymyna beren interwýusynda şu meselä we ähli sanksiýalara salgylandy.ol  şertnamaň durmuşa geçirilmegi bilen Obamanyň döwründe we Trump döwründe girizlen sanksiýalar ýatyrylmalydyr diýdi .

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary iki ýadro iş toparynda öňegidişlik we sanksiýalaryň ýatyrylmagy barada habar berdi.

Şol bir wagtyň özünde, Arakçi , Wenada başlanan Bilelikdäki komissiýanyň üçünji iş toparynyň ähmiýetini nygtady; Bu iş toparynyň wezipesi, barlamagyň usulyny we dowamlylygyny öwrenmekden başga-da, ähli taraplaryň borçlaryny ýerine ýetirmek üçin edýän hereketleriniň "möhletini" kesgitlemek bolar diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň aýdanlaryndan gepleşikleriň kabul ederlikli netijelere ýakyndygyny görmek bolýar, ýöne gepleşikler gaty uzyn bolmaly däldir we tejribe "gepleşikler üçin gepleşikleriň" düwünleri açmaga kömek etmeýändigini aýtdy.

 

Tags