May 06, 2021 13:35 Asia/Ashgabat

Palestina Intifadasyny goldaýan halkara konferensiýanyň hemişelik sekretariaty, Bütindünýä Al-Kuds güni mynasybetli bir beýannama boýunça "Bütindünýä Al-Kuds Gününiň" miwesi asyr şertnamasynyň güýçden düşürilmegi we sionist režimiň gegemoniýasynyň ýeňilmegidir diýip yglan etdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Palestina Intifadasyny goldaýan Halkara konferensiýanyň hemişelik sekretariaty Bütindünýä Al-Kuds güni mynasybetliçykaran beýannamasynda Bütindünýä Al-Kuds güni palestina halkynyň azatlyk söweşijileriniň we tarapdarlarynyň Palestina topragyny basyp almagyň bikanundygyny we garşylyk görkezmek we öz ykbalyňy kesgitlemek hukugy boýunça referendum geçirmek arkaly azat edilmeginiň zerurdygyny subut etmek üçin tutanýerliligini beýan etdi.