May 09, 2021 14:56 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: ِDöwlet

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti döwletiň meýilnamasynyň "korona sanjymyny" üpjün etmek we öndürmekden ybaratdygyny aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani ýekşenbe güni döwletiň ykdysady utgaşdyryş merkeziniň 223-nji ýygnagynda: Waksinalary taýýarlamak, üpjün etmek we öndürmek Maksatnama we býudjet guramasynyň, Merkezi bankynyň we Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň esasy ileri tutulýan ugurlarydyr diýdi.

Eýranyň prezidenti sözüniň dowamynda Saglygy goraýyş ministrliginiň meýilnamasyna laýyklykda Tir aýynyň ahyryna çenli (iýul aýyň 22) ýurtda howp abanýan 13 million adama sanjym ediljekdigini aýtdy.

Ruhani şeýle-de döwletiň ileri tutýan syýasatyny, Waksinalar pudagynda içerki önümçilik kuwwatyny döretmek diýip nygtady.

Eýranyň prezidenti bu ugurda görülýän çärelere salgylanyp, döwletiň hereketleri ykdysady uruş şertlerinde, duşmanyň berk sanksiýalary sebäpli nebit söwdasynyň we walýutanyň iň pes mukdaryna garamazdan amala aşyryldy diýdi.

Ruhani sözüni dowam etdirip, 1400-nji ýyl üçin sanjymlar we maliýe we bank goldawy üçin zerur çaklamalar edilendir we durmuşa geçiriler diýip beýan etdi.

"Kowax" gaznasyndan sanjymlary satyn almak we üpjün etmek, käbir ýurtlar bilen baglaşylan şertnamalara laýyklykda sanjymlary satyn almak we import etmek, şeýle-de bu mesele haslanan maliýe çeşmeleri tölemegi çaltlaşdyrmak Ministrler Kabinetiniň mejlisinde sanjymlaryň derrew üpjün edilmegi üçin gozgalan meselelerdendir.