May 09, 2021 16:12 Asia/Ashgabat
  • Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi soňky 24 sagadyň dowamynda korona keseli bolan 386 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirusdan ölenleriň sany 74,910 adama ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary merkezi şu gün bir bildiriş boýunça ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasyny yglan etmek bilen geçen 24 sagatyň boýunda anyk anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kovid-19 bilen kesellän 14 müň 141 täze hassa tapyldy, şolardan 2 müňden gowragy keselhanalarda ýerleşdirildi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi bu bildirişde şeýle-de kovid-19 hassasynyň ýurtdaky umumy sany 2 million 654 müň 811 adama ýetdi diýip habar berdi.

Bu ministrlik şeýle-de şu wagta çenli 2,109,702 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip sözüne goşdy.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda "kovid-19" -yň 16 million 69 müň 126 anyklaýyş synagynyň geçirilendigini habar berdi.