May 09, 2021 16:30 Asia/Ashgabat
  • Eýran Yslam Respublikasynyň Kazyýet başlygynyň Owganystanyň halkyna gynanç haty

Eýran Yslam Respublikasynyň Kazyýetiniň başlygy öz sargydynda Owganystanyň batyr we çydamly halkyna Kabuldaky terrorçylykly hüjümden gynanç bildirdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň kazyýet güýjüniň başlygy Seýed Ybrahym Raisi öz sargydynda, Kabuldaky terror partlamasy we bu wakanyň ýürekgysgynç we elhenç şekilleri we sahnalary her bir wijdanly adamyň ýüregine agyr degdi diýip getirendir.

Raisi bu sargydynda, Mukaddes Remezan aýynda bigünä çagalary we ýetginjekleri nyşana almak Yslamyň we adamzadyň ysyny almaýan gorkak ýyrtyjylaryň işidir diýip getiripdir.

Eýran Yslam Respublikasynyň Kazyýetiniň başlygy bu sargydynda Eýran halkynyň bu agyr wakada Owganystanyň halkyna gynanýandygyny we duýgudaşlyk bildirýändigini aýtdy.

Raisi şeýle-de terrorçylyga we basyp alyşlyga garşy yzygiderli göreş sebitdäki ýurtlary bu betbagt ýagdaýdan halas etmegiň ýoludyr diýip nygtady.

Şenbe güni Kabulyň günbataryndaky Saýyid al-Şuhada mekdebiniň daşynda bomba partlamasy azyndan 58 adamyň ölmegine we 150-den gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy, olaryň köpüsi talypdylar.

Tags