Jun 12, 2021 15:52 Asia/Ashgabat
  • Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 115 adamyň ölendigini habar berdi.

IRNA-yň habaryna görä, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şu gün soňky 24 sagadyň dowamynda 115 "kowid-19" hassasynyň ölendigini yglan edip, ýurtda ölenleriň umumy sanynyň 81 911-e ýetendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi bu hasabatynda ýurtda korona keselleriniň we ölümleriň soňky statistikasyny yglan etmek bilen geçen 24 sagatyň boýunda anyk anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, ýurtda kowid-19 bilen kesellän 7 müň 404 täze hassanyň tapylandygyny yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi bu bildirişde şeýle-de kovid-19 hassasynyň ýurtdaky umumy sany 3 million 20 müň 522 adama ýetdi diýip habar berdi.

Bu ministrlik şeýle-de şu wagta çenli 2,640,281 näsag sagaldy ýa-da keselhanalardan çykaryldy diýip sözüne goşdy.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem şu wagta çenli ýurtda 21 million 435 müň 900 “kowid-19” anyklaýyş synagynyň geçirilendigini habar berdi.