Jun 12, 2021 16:40 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Bu gün korona bilen garşylaşmak üçin mümkinçiliklerimiz kem däldir

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, ýurtda Corona wirusynyň ýaýramagyndan bäri 16 aý we bu kesele garşy alnyp barylýan işler barada aýdyp, şeýle diýdi: Häzirki wagtda bu kesele garşy göreşmek üçin zerur enjamlar babatynda öz aýagymyzyň üstünde durýarys we kemçiligimiz ýokdyr.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, "Hasan Ruhani" şenbe güni Korona wirusyna garşy Milli baş edaranyň mejlisinde ýurtda Korona epidemiýasy başlanaly bäri görülýän çäreleri we tagallalary we bu döwürde gazanylan üstünliklere yşarat edip bu ýol bilen ädilen ädimler we gazanylan üstünlikler gaty uly we abraýly diýmek bilen, gadyrdanlyk edilmelidigini aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Häzirki wagtda her gün 150,000 anyklaýyş amallaryny aňsatlyk bilen ýerine ýetirip biljekdigimizi aýtmak bilen bu hereketlere we tagallalara ýokary baha bermelidir diýdi.

Ruhani, Eýrany korona meselesi boýunça takyk statistika yglan etmekde iň yzygiderli tertipli ýurtlaryň biri hökmünde häsiýetlendirmek bilen biz halkara ülňülerine esaslanyp, her gün statistikany yglan etdik we ýokaşma, hassahana ýerleşdirilmegi, ýagdaýy agyr adamlar we ş.m. habarlary yglan etdik diýdi.