Jun 18, 2021 14:14 Asia/Ashgabat
  • Galibaf: Saýlawlar dini demokratiýanyň daldasydyr

Eýranyň parlamentiniň başlygy saýlawlar dini demokratiýanyň daldasy we halkyň respublikany we yslamy goramak ugrundaky tagallalarynyň we göreşleriniň netijesidir diýdi.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň parlamentiniň başlygy "Muhammet Bager Galibaf" anna güni ses berenden soň habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Saýlawlaryň ýurduň iň möhüm syýasy we jemgyýetçilik baýlygy we daldasy hasaplanýandygyny aýtdy.

Eýranyň parlamentiniň başlygy halkyň saýlawlara hemişeki ýaly gitjekdigini aýtmak bilen Meseleler we kynçylyklar saýlaw uçastogyna gitmek we dogry adamlary saýlamak arkaly çözüler diýdi.

13-nji döwür prezident saýlawy, şäher we oba Yslam geňeşleriniň 6-njy saýlawy, ýolbaşçylygyň hobralar mejlisiniň 5-nji möhletiniň döwürara saýlawy we Yslam şura mejlisiniň 11-nji möhletiniň döwürara saýlawy şu gün anna güni ir sagat 7-de başlandy.