Jun 23, 2021 11:25 Asia/Ashgabat
  • Hatibzadeh: Eýran Owganystandaky aladaly wakalary dykgat bilen yzarlaýar

sişenbe güni agşam Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Owganystandaky soňky dartgynlyklara we konfliktlere ünsi çekip, Eýranyň Owganystandaky aladaly wakalary dykgat bilen yzarlaýandygyny aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, "Said Hatibzadeh" twitterde Eýranyň, Owganystandaky dartgynlygyň tizlik bilen azalmagyny, kanunyň hökmürowanlygyna hormat goýulmagyny we Owganystandaky giňişleýin gepleşikleri isleýändigini mälim edip Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň weýran ediji syýasatlary sebitde uzak möhletli yzygelimlere sebäp boldy, hatda häzirki wagtda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň aşa jogapkärçiliksiz hereketleri hasam köp zyýan ýetirýär diiýp nygtady.

Owganystanyň dürli ýerlerinde soňky hepdelerde Talyban adamlary bilen hökümet güýçleriniň arasynda güýçli çaknyşyk boldy.