Jun 24, 2021 15:46 Asia/Ashgabat
  • Eýranda koronanyň iň soňky ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi ýurtda korona wirusy sebäpli 144 adamyň ölendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrligi Sişenbe güni soňky 24 sagadyň dowamynda 144 adamyň korona wirusyndan ölendigini we bu keselden ölenleriň sany 83,473-e ýetendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem düýnden şu güne çenli ýurtda anyklaýyş ölçeglerine esaslanyp, “kowid-19” bilen kesellän 11 müň 734 hassanyň bardygyny mälim etmek bilen näsaglaryň umumy sanynyň 3 million 140 müň 129-a ýetendigini yglan etdi.

Hasabata görä, şu wagta çenli 2,797,105 näsag sagaldy ýa-da Eýranyň keselhanalaryndan boşadyldy.

Resmi maglumatlara görä, koronawirus dünýäde 180 milliondan gowrak adama ýokaşdy we bu keselden 3,908,000-den gowrak adam öldi.