Jun 24, 2021 16:05 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Eýran, gaz üpjünçiligi taýdan dünýäde ilkinji ýurtdyr

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Eýran gaz üpjünçiligi taýdan dünýäde ilkinji ýurt hökmünde tanalýar diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani penşenbe güni Eýranyň Nebit ministrliginiň milli meýilnamalaryny wideo konferensiýa suratda ulanmak dabarasynda beren gürrüňlerinde Eýranyň oba ýerlerinde gaz üpjünçiligi soňky sekiz ýylda bäş esse artdy diýip habar berdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýran hünärmenleriniň Eýranyň ähli şäher we oba ýerlerinde gaz çekmek we gaz üpjünçiligi ugrundaky tagallalaryna salgylanyp: Eýran obalara gaz üpjünçiligi taýdan dünýäde ilkinji ýurt hökmünde tanalýar diýdi.

Şu gün (penşenbe) Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň buýrugy we wideo konferensiýa arkaly 21 şähere, 2,809 oba we 4664 senagat birligine gaz üpjünçiligi başlandy.