Jul 22, 2021 16:03 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Goreh-Jask turbageçirijisiniň açylmagy dildüwşük edýänlere berk jogap bolandyr

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Goreh-Jask nebit geçiriji taslamasyny Eýran senagatynyň abraýlaryndan biri diýip atlandyrmak bilen bu açylyş, dildüwşük guranlaryň hemmesine, esasanam ABŞ-a berk jogap bolandyr diýdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Hasan Ruhani penşenbe güni önümçilik badalgasy diýlip atlandyrylýan milli taslamalaryň segsen üçünji tabgyrynda ýurduň Buşhr, Hormozgan we Fars welaýatlarynyň üç welaýatynda Nebit ministrligi bilen baglanyşykly taslamalary ulanşa beren dabarasynda bu güni Eýran halky üçin örän uly taryhy gün diýip atlandyrdy we wagtyň geçmegi bilen bu meseläniň ähmiýeti halk üçin has aýdyňlaşar diýip beýan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti sözüniň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň nähili möhüm milli çäräni görendigi dünýä bellidir. Nebit eksporty üçin bu ululykdaky taslama, Pars aýlagynda däl-de, Oman deňzinde täze eksport terminalynyň açylmagy gaty möhümdir.

Ruhani sözüni dowamynda bu açylyş dabarasy ähli dildüwşük edýänlere, esasanam ABŞ-a berk  jogap bolandyr diýdi.Nebit Amerikanyň iň möhüm sanksiýalarynyň biri bolupdy, emma beýleki sanksiýalar hem bardy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti sözüniň ýene bir bölüminde ABŞ hökümeti biz bilen iki ugurda söweşe girdi, biri nebit we nebit eksporty, beýlekisi haryt üpjünçiligi.ikisem gaty täsirli bolup, oňa bil baglaýardylar.

emma Eýran gören çäreleri bilen Amerikanyň bu erbet niýetini puja çykarandyr.