Jul 22, 2021 16:18 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona statistikasy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi ýurtdaky iň soňky korona statistikasyny yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Soňky 24 sagadyň dowamynda 226 watandaşyň korona wirusy sebäpli ölendigini we ýurtda ölenleriň umumy sanynyň 88,063-e ýetendigini yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 20,313 täze hassanyň tapylandygyny we olardan iki müň 287-siniň keselhanalarda ýatyrylandygyny yglan etdi.

bu hasabata görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi näsaglaryň umumy sanynyň 3,623,840-a ýetirendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi şeýle-de şu wagta çenli 3 million 204 müň 136 hassanyň sagaldylandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny mälim etdi.