Jul 24, 2021 15:30 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Günorta Kawkaz sebitinde çalt dowamly parahatçylygy gazanmagyň zerurdygyny nygtady

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistanyň serhet güýçleriniň arasynda dowam edýän seýrek çaknyşyklara ünsi çekip, Günorta Kawkaz sebitinde gysga wagtda parahatçylygy gazanmagyň zerurdygyny aýtdy.

Şenbe güni IRNA-nyň habaryna görä, Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistanyň serhet güýçleriniň arasynda ýüze çykýan serhet çaknyşyklarynyň dowam etdirilmegi barada Said Hatibzadeh iki tarapdaky adamlaryň ölümine we ýaralanmagyna gynanç bildirmek bilen taraplaryň saklanmagyny we iki ýurduň arasyndaky serhet dawalaryny parahatçylykly çözmegiň zerurdygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary iki ýurduň dartgynlygy we konfliktleri ýeňip geçmeginiň zerurdygyny we Günorta Kawkaz sebitinde gysga wagtda parahatçylygy gazanmagyň zerurdygyny aýtmak bilen Eýran Yslam Respublikasynyň taraplara dowamly parahatçylygy gazanmakda kömek bermäge taýýardygyny aýtdy.