Jul 24, 2021 16:17 Asia/Ashgabat
  • Ruhaniň permany bilen Eýranyň hemme ýerinde Energetika ministrliginiň milli taslamalary açyldy

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti ýurtdaky önümçiligi ösdürmek maksady bilen paýhas we umyt atly hereketiň 84-nji tapgyrynda ýurduň hemme ýerinde Energetika ministrliginiň milli taslamalaryny açdy.

Şenbe güni Hasan Ruhani wideo baglanyşygy arkaly Babol we Babolsara suw arassalaýjy zawodyň we suw üpjünçilik liniýasynyň we takmynan 600,000 ilaty bolan 4 şäher we 57 obanyň işlemegini we açylmagyny hemde Ardabil welaýatynyň Halhal suw we suw arassalaýjy zawody, Sistan we Bulujystan welaýatynyň Konarak hapa suwlary arassalaýjy zawod, Chaharmahal we Bagtiari welaýatynda Horeh suw arassalaýjy zawod, Hajiabad (Zarrin Daşt) Fars welaýatyna suw üpjünçiligi, Fars welaýatynda Haýter suw howdany bendiniň ýerine ýetiriş işleriniň tamamlanmagy, Fars welaýatynda kiçi göwrümli elektrik stansiýasy, Buşehr welaýatyndaky Haýz bendiniň we Arghun bendiniň suw almagy 9 welaýatda 30 MWt kuwwatlylygy 13 täzelenip bilýän elektrik stansiýasynyň ulanyşa berilmegini buýurdy.

Şu gün, Bandar Abbas şäheriniň lagym suwlaryny gurmak boýunça ýerine ýetiriş işi prezidentiň buýrugy bilen başlandy.

Rouhani guraklyk we ýagyşyň azalmagy sebäpli soňky günlerde Huzestan welaýatyň ilaty üçin döredilen problemalara yşarat edip, Bagtymyza, edilen hereketler we tagallalar bilen meseläniň bir bölegi çözüldi we bu meseleleriň galan böleginiň, prezidentiň birinji orunbasary we birnäçe hökümet ministriniň bu welaýata sapary we ýokary lideriň buýrugy we ünsi esasynda gyssagly we zerur kararlar kabul edilmegi bilen çözüler diýip umyt edýäris diýdi.