Jul 24, 2021 16:58 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona statistikasy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi ýurtdaky iň soňky korona statistikasyny yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Soňky 24 sagadyň dowamynda 259 watandaşyň korona wirusy sebäpli ölendigini we ýurtda ölenleriň umumy sanynyň 88,532-e ýetendigini yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 18,632 täze hassanyň tapylandygyny we olardan iki müňden gowragynyň keselhanalarda ýatyrylandygyny yglan etdi.

bu hasabata görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi näsaglaryň umumy sanynyň 3,664,286-a ýetirendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi şeýle-de şu wagta çenli 3 million 239 müň 172 hassanyň sagaldylandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny mälim etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem şu wagta çenli ýurtda 25,469,400 "kowid-19" anyklaýyş synagynyň geçirilendigini habar berdi.