Jul 24, 2021 21:32 Asia/Ashgabat
  • Sardar Salami: Sepah Pasdaran, mesele doly çözülýänçä, Huzestanyň halkynyň kenarynda boljakdyr

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň baş serkerdesi, Huzestanda suw dartgynlygy meselesi doly çözülýänçä, Huzestan halkynyň kenarynda boljakdygyny aýtdy.

"Mehr" habar gullugynyň habaryna görä, Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň baş serkerdesi general-maýor "Huseýin Salami" şu gün, şenbe güni, Eýranyň günorta-günbataryndaky Huzestan welaýatynda suw dartgyny bolan obalara sapar wagtynda beren gürrüňlerinde Huzestan möhüm we mukaddesdir, biz bu welaýatyň ilaty bilen meseläni çözýänçäk bile bolýarys diýdi.

Sardar "Salami" şeýle-de Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň Huzestanyň problemalary babatynda görkezmelerine laýyklykda, işgärleriň Huzestanyň meselelerine çynlakaý çemeleşmelidigini aýtmaklaryna yşarat edip, Şu gün welaýatyň meselelerini derňemek we çözmek üçin bu welaýata geldik diýip yglan etdi.

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň baş serkerdesi şeýle-de Ghadir taslamasynda, Şuş sebitinden diametri 2 metr bolan takmynan 525 km turba çekildi, bu taslama boýunça Susangard, Hamidiýe, Ahwazyň 70% -i, Hoveýzeh, Şadegan, Darhowin, Horramşahr we Abadanyň suwy üpjün edilýär bu meýilnama Hatam al-Nabiýýanyň (saw) gurluşyk lageri tarapyndan amala aşyrylýar diýdi.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneý Hearetleri anna güni Huzestandaky suw we lagym kanallaryna berlen maslahatlara gulak asylan bolsa, indi bu problemalaryň bolmajakdygyny aýtmak bilen; Halk öz gynanjyny bildirdi we olar haklydyrlar şoňa görä olara garşy hiç hili arz edip bolmaz diýdi.