Jul 25, 2021 23:00 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Eýran ygtybarly dost we hyzmatdaşdygyny subut etdi

Kataryň daşary işler ministri bilen bolan duşuşygynda Eýranyň saýlanan prezidenti, Eýran ygtybarly dost we hyzmatdaşdygyny subut etdi diýdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, ýekşenbe güni Eýranyň saýlanan prezidenti Seýid Ybraýym Raisi Kataryň Daşary işler ministri Şeýh Muhammet bin Abdul Rahman Al-Tani bilen geçiren duşuşygynda Eýranyň ygtybarly dost we hyzmatdaşdygyny subut edendigini belläp: "Eýran goňşularyna hoşniýetlidir" -diýdi.

Kataryň Daşary işler ministri hem prezidenti ýeňşi bilen gutlady we Kataryň emiriniň salamyny ýetirmek bilen Katar ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmek üçin hyzmatdaşlygy, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň hyzmatdaşlygy bilen sebit howpsuzlygyny üpjün etmek ugrundaky tagallalary gözleýär diýip yglan etdi.