Jul 29, 2021 16:38 Asia/Ashgabat
  • Eýran, Azerbaýjan Respublikasy we Ermenistannyň saklanmagyny nygtaýar

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistan serhet güýçleriniň arasynda serhet çaknyşyklarynyň dowam etmegine alada bildimek bilen Taraplaryň saklanmagyny we iki ýurduň arasyndaky serhet dawalaryny parahatçylykly çözmegiň zerurdygyny aýtdy.

Radio we telewideniýe gullugynyň habaryna görä, Said Hatibzadeh iki ýurtdan adamlaryň ölümine we ýaralanmagyna gynanç bildirip, iki ýurduň dartgynlygy we dawa-jenjelleri ýeňip geçmeginiň zerurdygyny we ähli taraplaryň halkara derejesinde ykrar edilen serhetlere hormat goýmagynyň zerurdygyny aýtmak bilen Günorta Kawkaz sebitinde gysga wagtda parahatçylygy gazanmagyň zerurdygyny nygtady.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle hem, Eýran Yslam Respublikasynyň sebitde dowamly parahatçylygy ornaşdyrmak üçin islendik kömege taýýardygyny mälim etdi.