Jul 29, 2021 16:50 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Soňky 24 sagadyň dowamynda 292 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini we ýurtda ölenleriň umumy sanynyň 90,074-e ýetendigini yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 34,433 täze hassanyň tapylandygyny we olardan 3 müň 506-synyň keselhanalarda ýatyrylandygyny yglan etdi.

Bu hasabata görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi näsaglaryň umumy sanynyň 3,826,447-e ýetirendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi şeýle-de şu wagta çenli 3 million 329 müň 65 hassanyň sagaldylandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny mälim etdi.