Jul 29, 2021 17:56 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Bir günde ýüzlerçe kilometr demir ýol aragatnaşyk taslamalarynyň açylmagy buýsançdyr

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti bir günde ýüzlerçe kilometr demir ýol aragatnaşyk taslamalarynyň açylyş dabarasyny buýsançly hasaplap demir ýol ýolagçy we ýük daşamak üçin iň oňat aragatnaşyk serişdesidir we bu döwletde ýollar, awtoulag ýollary, demir ýollar we portlar babatynda gaty uly we möhüm çäreler görüldi diýdi.

EýranPress habarlar gullugynyň habaryna görä, "Hasan Ruhani" penşenbe güni, gadir baýramy bilen zamandaş önümçiligi ösdürmek maksady bilen paýhas we umyt atly hereketiň 86-njy tapgyrynda we ýollar we şäher gurluşyk ministrliginiň milli demir ýol we awtoulag ýollarynyň taslamalarynyň açylyş dabarasynda: Häzirki wagtda ykdysady uruş we korona sebäpli ýüze çykan kyn şertlere garamazdan, ýurduň dürli welaýatlarynda demir ýollar we awtoulag ýollary pudagynda örän möhüm taslamalaryň açylmagyna şaýat bolduk diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti demirýol meselesini hemişe göz öňünde tutýan iň möhüm we ähmiýetli meseleleriň biri hökmünde görýändigini agzap: ýollar we şäher gurluşyk ministrligi on birinji we on ikinji döwletlerde demirýol ösüşi, şeýle hem ýurtdaky awtoulag ýollary we aragatnaşyk ýollary babatynda köp tagallalary we çäreleri gördi, bu öwgä mynasypdyr diýip beýan etdi.