Jul 30, 2021 19:15 Asia/Ashgabat
  • Eýranda iň soňky korona ýagdaýy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi: Soňky 24 sagadyň dowamynda 270 adamyň korona wirusy sebäpli ölendigini we ýurtda ölenleriň umumy sanynyň 90,344-e ýetendigini yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrligi şeýle hem anyklaýyş ölçeglerine laýyklykda soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda kowid-19 bilen kesellän 24,715 täze hassanyň tapylandygyny we olardan 2 müň 856-synyň keselhanalarda ýatyrylandygyny yglan etdi.

Bu hasabata görä, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi näsaglaryň umumy sanynyň 3,851,162-e ýetirendigini habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkezi şeýle-de şu wagta çenli 3 million 348 müň 363 hassanyň sagaldylandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny mälim etdi.

Resmi statistikalara görä, korona wirusy dünýäde 197 milliondan gowrak adama ýokaşdy we 4 million 215 müňden gowrak adam kowid-19 keselinden öldi.