Aug 05, 2021 21:19 Asia/Ashgabat

Kazyýetiň başlygy, Eýranyň prezidentliginiň on üçünji möhletiniň kasam kabul ediş dabarasynda: Kanunyň güýji we jogapkärçiligi, prezidente ynanylan amanatdyr diýdi.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Kazyýetiň başlygy Golam-Huseýin Mohseni Ežei penşenbe güni Eýranyň sekizinji prezidenti "Seýed Ybraýym Raisi" -niň kasam kabul ediş dabarasynda halkyň saýlanmagy bilen prezidente uly güýç we jogapkärçilik berilýändigini aýdyp Kanunyň güýji we jogapkärçiligi, prezidente ynanylan amanatdyr diýip beýan etdi.

Ežei sözüniň dowamynda: Duşmanlaryň ähli tagallalaryna garamazdan 1400-nji ýylyň 28-njy Mordadynda saýlaw sandyklaryň başyna baran dindar we düşünjeli adamlardan we ýene bir gezek altyn sahypany döreden we dört ýyllyk möhlet üçin dogry we laýyk adamy saýlan dini we ynkylapçy halka ýokary baha berýärin diýdi.

Eýranyň Kazyýet başlygy: Konstitusiýa laýyklykda, prezident Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysyndan soň, konstitusiýanyň ýerine ýetirilmegine jogapkär iň ýokary wezipeli adamdyr.