Aug 28, 2021 17:20 Asia/Ashgabat
  • Ynkylaذyň ýokary lideri: Eýran Yslam Respublikasy Owganystanyň ezilen we musulman halkynyň tarapdary

Yslam respublikasy ähli tarapdan Owganystanyň ezilen we musulman halkynyň tarapdary,we hökümetler bilen gatnaşyklarymyz bolsa olaryň Eýran bilen gatnaşyklaryna we özüni alyp barşyna baglydyr diýip Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy aýtdylar.

Aýatolla Hamenei şu gün (şenbe) prezident we täze hökümet agzalary bilen geçiren duşuşygynda Amerikalylary diplomatiýa sahnasynyň aňyrsynda hemde hakly syran bolup aýdýan sözleriniň arkasynda ýabany möjekler mysalynda hasaplap Elbetde, käwagt Owganystandaky häzirki ýagdaýda bolşy ýaly mekir tilki ýalydyrlar diýip nygtadylar.

Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysy Owganystany dogan, dil, din we medeniýet taýdan meňzeş ýurt hasapladylar we penşenbe güni Kabul howa menzilinde bolan waka ýaly halkyň problemalaryna çuňňur gynanç bildirmek bilen Bu kynçylyklar, 20 ýyllap ýurdy basyp alan we halkyna her dürli zulum eden amerikalylaryň işidir diýip beýan etdiler.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Owganystan üçin bir ädim ätmedi, häzirki Owganystan 20 ýyl ozal raýat we raýat ösüşi taýdan yza galman bolsa, öňde bolmaz Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysy aýtdylar.

ol hezretleri sözüniň ýene bir bölüminde Eýranyň täze kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Aýatolla Hameneýi, daşary syýasatda aşa hereketiň zerurdygyny aýdyp Diplomatiýanyň ykdysady tarapy güýçlendirilmelidir we köp ýurtda prezidentiň ykdysady diplomatiýany alyp barşy ýaly, ýurduň ykdysady diplomatiýasy hem şu garaýyş esasynda alyp barylmalydyr diýip beýan etdiler.