Sep 03, 2021 13:33 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdullahian: Liwana ýangyç satmaga we ibermäge taýýar

Eýranyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde hiç hili çäklendirmesiniň ýokdugyna ünsi çekip, Eýranyň Daşary işler ministri: "Liwan hökümeti we işewür adamlary ýangyç zerur bolsa, Eýran ony satmaga we ibermäge taýyn" diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdollahian, Liwanyň öňki Daşary işler ministri Gabran Basil bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýran Yslam Respublikasynyň nebit önümlerini täze müşderilere satmaga taýýardygyny aýdyp Liwan hökümeti we işewür adamlary henizem ýangyja mätäç bolsa, Eýran ony satmaga we ibermäge taýyn, Hizbullanyň buýsançly lideriniň Sionistleriň Liwan halkyna garşy döreden bu krizisini soňlamak üçin gören çäreleri Liwanyň ýeňiş ýolunyň öz başarnyklaryňa we baýlyklaryňa bil baglamak bilen miýesser bolýandygyny tassyklaýar diýdi.

Tags