Sep 04, 2021 16:14 Asia/Ashgabat
  • General Salami: Duşmanlar Eýran halkyny basyşda goýmak üçin hiç bir çäreden ýüz öwürmediler

Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Baş serkerdesi, Goranmak ministri bilen bolan duşuşygynda: Duşmanlar yslam ulgamyna we Eýran halkyna basyş etmek üçin hiç hili taktikadan ýüz öwürmediler diýdi.

"Mehr" habar gullugynyň habaryna görä, Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň baş serkerdesi "General-maýor Huseýin Salami" şu gün Goranmak ministrliginde, Eýran Yslam Respublikasynyň Goranmak ministri Brigada generaly Muhammet Reza Garaýý Aştiani bilen duşuşyp maslahatlaşdy.

Bu ýygnakda general Salami Brigada generaly Aştianiniň Goranmak ministri wezipesine saýlanmagyndan hoşaldygyny aýtdy we ýaragly güýçleriň güýç öndürmek we ýurduň goranyşyny gowulandyrmak ugrundaky gymmatly tagallalaryna ünsi çekip şeýle diýdi: Yslam rewolýusiýasynyň we Eýran halkynyň duşmanlary Yslam ulgamyna we Eýran halkyna basyş etmek üçin hiç hili taktikadan we mekirden ýüz öwürmediler.

Goranmak ministri hem bu ýygnakda şeýle diýdi: geçmişiň täsirli tagallalary bilen birlikde jihadçy we rewolýusiýa çemeleşmesi bilen, goranyş mümkinçiliklerini çuňlaşdyrmak we ösdürmek we ýaragly Güýçleriň, esasanam Yslam ynkylapynyň goragçylarynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin aýgytly tagallalary we strategiýany ulanarys diýdi.

Tags